milli goshun logo
Gahrymanlaryň öňünde baş egýäris!
Gahrymanlaryň öňünde baş egýäris!
09.05.2022 1301 Habarlar | Harby özgertmeler

9-njy maý şöhratly taryhymyzda şanly senedir. Bu gün pederlerimiziň duşmana garşy barlyşyksyz göreşde görkezen deňi-taýy bolmadyk gahrymançylygy, merdanalygy, watansöýüjiligi hem-de mertligi hormatlanylýar, tylda edermen zähmeti bilen ýeňşe goşant goşanlar ýatlanylýar. Pursatdan peýdalanyp, «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň adyndan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň mähriban halkyny, uruş weteranlarymyzy we merdana Watan goragçylarymyzy, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hormat-sarpanyň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň merdanalyk ýoly ösüp gelýän ýaş nesillerde belent watançylyk duýgusyny ösdürmekde nusgalykdyr. Olaryň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar. Biz – harby gullukçylar gahrymanlaryň öňünde baş egýäris! Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, «Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir».

«Milli goşun».