milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sadaka berildi
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sadaka berildi
26.09.2024 18 Habarlar

Düýn – 25-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi.

Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular. 

Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir edip, ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyny, beýik Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň geljekde has-da pugtalanmagyny, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.