milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz Käbä zyýarat etdi
Gahryman Arkadagymyz Käbä zyýarat etdi
05.12.2024 109 Habarlar

Öňňin – 3-nji dekabrda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Milli Liderimiz bu ýerde iki rekagat namaz okap, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin doga-dileg etdi.

Tutuş yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan toprakda Käbä zyýarat edip, okan doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun, hajy Arkadagymyz!