milli goshun logo
Gadamyňyz batly bolsun, hormatly Belent Serkerdebaşymyz!
Gadamyňyz batly bolsun, hormatly Belent Serkerdebaşymyz!
19.03.2022 2303 Habarlar | Harby özgertmeler

12-nji martda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny, ilatyň raýatlyk düşünjeliliginiň ýokary derejededigini aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde gulluk edip, ata Watanymyzyň asudalygyny üpjün edýän milli goşunymyzyň gerçekleri hem saýlawlara agzybirlikde uly höwes bilen gatnaşdylar.

Açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk, giň bäsdeşlik ýaly demokratik esaslarda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň agramly böleginiň – 72,97 göteriminiň ses bermegi netijesinde hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

Halkymyzyň mizemez ynamy bilen saýlanan döwlet Baştutanymyz hormatly Serdar Berdimuhamedowyň Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini dowam etdirip, ýurdumyzy bedew batly ösüşlere beslejekdigine pugta ynanýarys. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamlaryň ynamy mukaddesdir. Nesip bolsa, il-günüň uly ynamyny gazanan hormatly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eziz Watanymyz has-da pajarlap ösýän mekana öwrüler.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gyzgyn gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine geljekde amal etjek beýik başlangyçlarynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan beýik maksatlara ýetmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Biz – ýurt goragçylary mukaddes borjy hemişe Watana wepadarlyk, harby kasama ygrarlylyk bilen ýerine ýetirjekdigimize, mähriban halkymyza, eziz Watanymyza, Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine ak ýürekden wepaly gulluk etjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys.

«Milli goşun».