milli goshun logo
Euro-5 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän ýangyç öndürilip başlanar
Euro-5 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän ýangyç öndürilip başlanar
06.04.2019 656 Habarlar

5-nji aprelda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk we goýberiş-sazlaýyş işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu önümçilik toplumynda häzirki wagtda goýberiş synag işleri dowam edýär.

Şeýle hem wise-premýer Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň ýanynda ýerleşýän tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu zawodyň umumy gurluşyk işleriniň 96 göterime golaýynyň, goýberiş-sazlaýyş işleriniň bolsa 64 göterimden gowragynyň ýerine ýetirilendigi, zawodyň suw arassalaýjy we sowadyjy, lagym suwlaryny arassalaýan, bug gazanlarynda, gysylan howany öndürýän, howa bölüji desgalarynda synag işleriniň tamamlanandygy aýdyldy. Şeýle hem zawodyň gazy arassalaýjy we sintezleýji desgalarynda synag işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Ýakyn günlerde awtotermiki reforming desgasynyň goýberiş-sazlaýyş işlerine başlap, aprel aýynyň ikinji ongünlüginde metanolyň sintezi desgasyny işe taýýarlamak hem-de on günüň dowamynda bu desgany kadaly ýagdaýda işletmek we şondan soň ýangyjyň sintezi desgasyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Netijede, ýakyn wagtda Euro-5 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa, sintetiki ýangyjy öndürip başlamak meýilleşdirilýär.