milli goshun logo
«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym»
«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym»
10.06.2018 10719 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban enelere bagyşlanyp neşir edilen «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaraly çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri, çagyryş boýunça harby gullukçylar, ýokary okuw mekdebiniň harby talyplary we harby okuwçylar gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň galamyndan çykan bu ajaýyp bu kitaby iň eziz ynsan bolan ene hakyndaky täsirli we çuňňur pähimli söhbediň beýanydyr, beýikleri dünýä inderýän beýiklik hakyndaky ajaýyp gollanmadyr. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap uzak ýyllaryň dowamynda yzygiderli durmuş hakykaty bilen sazlaşykly ýazylan eser bolup, onda Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi baradaky täsirli söhbetler özüne çekijilik bilen beýan edilipdir.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň eserleriniň pähim-paýhas geriminiň giňligi, aýdyljak bolunýan pikiriň many-mazmunynyň terligi, diliniň halkylygy hiç bir okyjyny biparh goýmaýar. Kitabyň «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene – ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene – döwletlilik» atly baý many-mazmuna, çuňňur paýhasa ýugrulan bölümleri, şeýle hem onuň ajaýyp suratlar bilen çeperçilik taýdan bezelmegi kitabyň mazmunyny baýlaşdyrýar.

Kitapda perzent bilen ata-enäniň arasyndaky gatnaşyklar, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň çaga terbiýesindäki inçeligi, nusgalyk ýörelgesi ussatlyk bilen beýan edilipdir.

Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň – döwletliligiň eýesidir. Berkarar döwleti gurmagyň halkymyzyň öý-ojak, maşgala mukaddesligine goýýan hormatyndan başlanýandygy hem şu düşünjeden açylýar.

Hormatly Prezidntimiziň bu ajaýyp eserinde ene waspy örän inçelik we ussatlyk bilen beýan edilýär. Kitapda «Ene ýer», «ene toprak», «ene dil» ýaly söz düzümleriniň, halkymyzyň enä goýýan sylag-hormatynyň netijesinde dörän «Ene» düşünjesinden gözbaş alýandygynyň üsti açylýar.

Kitapda bellenişi ýaly: «...enäniň per­zendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir».

«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda halkymyza ajaýyp sowgat bolup gowşan şeýle kitabyň neşir edilmegi, türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsini, milli özboluşlylygyny we ene mertebesini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.

Kitabyň süňňünde Watanyň öý-ojakdan, maşgaladan başlanýandygy baradaky Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çuňňur mazmunly oýlanmalary, paýhasly pikirleri okyjynyň döredijilik islegini heýjana salýar.

«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserde miladydan öňki VI asyrda ýaşan Tumar şa, «Kitaby dädem Gorkut» atly meşhur eseri­ndäki Salyr Gazanyň aýaly, Oraz Salyryň enesi Burla hatyn hem-de bu eserdäki Näzli Çeçegiň keşpleri baradaky maglumatlar milli medeniýetimizdäki zenan wepadarlygynyň iň ýokary nusgasynyň waspy bolup ýaňlanýar.

Enäniň perzende bolan mähriniň hem-de her bir perzendiň enä bolan egsilmez söýgüsiniň şanly geçmişimize, şu günümize, beýik geljegimize müdimilik hemra boljakdy baradaky pikirler kitapda  ussatlyk bilen beýan edilipdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda eneleriň we zenanlaryň kämil Kanunlar bilen kepillendirilen hukuk goraglylygy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň döredilmegi, aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, Ene mähri merkezleriniň döredilip, ol merkezleriň «Çaga mähirli gatnaşykly hassahana» diýen ada eýe bolmagy, halkymyzyň enä goýýan hormatynyň nesillerden-nesillere geçýän milli ruhy ýörelgelere görä dowam etdirilýändigi dogrusyndaky durmuş hakykatynyň ykrarna­masydyr.

Bu ýerde ýerine ýetirilen «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» atly edebi-sazly kompozisiýa oňa gatnaşyjylarda has-da uly täsir galdyrdy.

Ýerine ýetirilen çykyşlarda Watan, toprak, ene-ata, öý-ojak ýaly mukaddeslikleriň hemişelik goragynda duran merdana gerçekler üçin bu eseriň ajaýyp gollanma, ýol-ýörelge boljakdygy nygtaldy.

Watanyň goragyna Kasam eden esgerleriň ilkinji ýazýan hatlary hem mähriban ejelerine degişlidir. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Watan goragçylary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy.

Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli şahsy düzümini Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly täze eseriniň çapdan çykmagy bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan ‒ Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlarada uly orun berildi. Onda ýerine ýetirilen aýdymdyr-sazlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, milli mukaddesliklerimiz, eziz Watanymyz, dünýä jan beren mahriban käbelerimiz joşgunly wasp edildi. Soňra ähli dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa biragyzdan Ýüzlenme kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň Döwlet kasamyny ýerine ýetirdiler.

«Enä tagzym - mukaddeslige tagzym» atly jemleýji aýdym has-da täsirli boldy. Ähli tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde aýdylan bu aýdym şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra ähli dabara gatnaşyjylar bu ýerde gurnalan sergini synladylar. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly täze eseri serginiň kitap tekjelerini bezedi. Dabara gatnaşyjy harby gullukçylar Hormatly Prezidentimiziň täze kitabyny ürç edip okadylar.

«Milli goşun»