milli goshun logo
Edermenler Watany şöhratlandyrýar
Edermenler Watany şöhratlandyrýar
01.07.2018 1468 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda şanly waka — Berdimuhamet Annaýewiň “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagyna bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permany bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda esger borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy.

Dabaraly çärä harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we harby talyplary, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda döwlet özygtyýarlylygyny goramak we mundan beýläk hem pugtalandyrmak, garaşsyz ösüşiň hem-de Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň gazananlaryny berkitmek boýunça uly işler alnyp barylýar, ýurdumyz parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydyr.

Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny goramak maksady bilen, ýurdumyzda Garaşsyz döwletimiziň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn maksatnama yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri Watanymyzyň howpsuzlygynyň goragynda durup, mukaddes watançylyk borjuny buýsanç bilen berjaý edip, ata-babalarymyzyň belent gahrymançylyk ýörelgelerine eýerýärler. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan türkmen halkynyň taryhy Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň çäksiz edermenliginiň mysallaryna baýdyr.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Parasatly mugallym we edermen esger, öz topragynyň watançysy 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyz söweşdi. Onuň durmuş we zähmet ýoly bu gün türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň, maksada okgunlylygyň, belent jogapkärçiligiň, borja wepalylygyň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Dabaraly ýygnaga gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň her birinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ata Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň işlemegi we ýaşaýyş-durmuşy ugrunda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Dabara konsert bilen dowam etdi, harby gullukçylaryň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde watançylyk aýdymlary ýaňlandy.

Dabaraly ýygnaga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň goragynda edermen we ygtybarly durjakdyklaryna, hemişe parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdiklerine türkmen halkyny we milli Liderimizi ynandyrdylar.

***

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly maslahat geçirildi, oňa Demokratik partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işjeňleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň geçirýän syýasatynyň baş maksady türkmen halkynyň abadan, parahat, bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini üpjün etmekden ybaratdyr. «Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda şol syýasatyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy. Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan okgunly ösýän, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan döwlet hökmünde dünýäde giň ykrarnama eýe boldy.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeler ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aldy. “Türkmenistany 2011 — 2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalar eziz Diýarymyzyň innowasiýalar esasda toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Paýtagtymyzyň, beýleki oba-şäherleriň keşbi okgunly özgerýär, ähli ýerlerde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap bilim we lukmançylyk edaralary, sport toplumlary, senagat kärhanalary, ulag-aragatnaşyk desgalary we beýlekiler gurulýar.

Biziň gadymy köklerimiz, mirasymyz täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň öz nurana geljegini gurmagynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Milli gahrymanlar baradaky hakyda hem-de olary sarpalamagyň mukaddes ýörelgeleri türkmen jemgyýetiniň misilsiz sütünleriniň biri bolup durýar.

Watanymyzy goramakda hem-de esgerlik borjuny berjaý etmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permany bilen “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagy Beýik Watançylyk urşunda söweşen ildeşlerimize — bütin dünýäde parahatçylyk we asudalyk ugrunda janyny gurban eden edermen esgerlere ägirt uly sarpanyň alamaty boldy.

Berdimuhamet Annaýewiň şahsyýeti ýaşlary belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde ajaýyp nusgadyr. Zehinli mugallym, XX asyryň başyndaky ilkinji oba mugallymlarynyň biri ene topragy goramak, öz ýakynlaryny hem-de geljekki nesilleri goramak üçin Watan goragyna gitdi, uruşdan agyr ýaralanyp gaýdyp geldi, emma mekdepde işlemegini dowam edip, gökdepeli ildeşleriniň arasynda ýagty ýatlamalar galdyrdy. Öz obasynda mugallymçylykdan mekdep müdiri wezipesine çenli ýeten belent mertebeli ynsan halk dessanlaryny, rowaýatlary hem-de ertekileri ýygnaýjy we wagyz ediji bolupdy. Berdimuhamet 
Annaýew bilim ulgamynda bitiren hyzmatlary üçin “Hormat nyşany” ordenine — ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolupdy, emma ony almaga ýetişmedi — 1948-nji ýylyň aýylganç ýer titremesinde wepat boldy.

Şol günlerden bäri ýetmiş ýyla golaý wagt geçdi, ýöne halkymyzyň arasynda ýagşy ýatlamalary we ajaýyp işleri galdyran beýik ynsan baradaky hakyda hiç wagt öçmez. Onuň hormatyna Yzgant obasynda bir mekdebe — ýurdumyzdaky orta okuw mekdepleriniň arasynda nusgalyk umumybilim berýän mekdebe ady dakyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atasynyň ajaýyp häsiýetlerini diňe bir özünde jemlemek bilen çäklenmän, şolary döwlet işiniň özenine öwürdi, ähli gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini türkmen halkynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirdi.

Ýygnananlaryň nygtaýşy ýaly, türkmen halky hemişe belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdy hem-de häzirki wagtda hem öz ata-babalarynyň şanly ýörelgelerine eýerip, beýleki halklar bilen diňe dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ähli tagallalaryny we gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.