Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde
«Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler» atly çäre geçirildi.
Bu çäre BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti we
Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Çärä deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň
döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler
Guramasynyň, iri maliýe edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň
wekilleri gatnaşdylar.
Forum DÇBÖBD-ni goldamaga gönükdirilen Hereketleriň Awaza
maksatnamasy boýunça borçnamalary tassyklan dünýä jemgyýetçiligi üçin özboluşly
meýdança öwrüldi. Onda geografik taýdan ýerleşmegine degişli meseleler bilen
ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlaryň ösüşinde sanly tehnologiýalaryň eýeleýän orny ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler sanly arabaglanyşygy XXI asyrda inklýuziw
we durnukly ykdysady ösüşiň iň möhüm şerti hökmünde bellediler.
Maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletlerde sanly ulgamy ösdürmek boýunça birnäçe ugurlar ara alnyp
maslahatlaşyldy. Bu babatda durmuşa geçirilmeli tagallalar 5 sany ileri
tutulýan ugry öz içine alýan Hereketleriň Awaza maksatnamasyna laýyk gelýär.
Şeýle hem forumyň dowamynda «Partner2Connect» başlangyjy
hem-de Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň sanly infrastruktura maýa
goýumlary boýunça başlangyjy bilen tanyşdyryldy.
Günüň ikinji ýarymynda arabaglanyşyga bagyşlanan maslahat
üstaşyr ulag mowzugy bilen dowam etdi.
Foruma gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda tanyşdyrylan
öňdebaryjy tejribäniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ulag
infrastrukturasy ulgamynda maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa
geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
«Durnukly we ygtybarly ulag ulgamlaryny döretmek» atly
mejlisde ekologiýa taýdan durnukly ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça
ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi, şeýle hem strategiýalar we maslahatlar
beýan edildi.
Foruma gatnaşyjylar ulag ulgamlaryny ösdürmekde ekologiýa
wehimlerini nazara alýan we ulag ulgamynda uglerod gazynyň derejesini
peseltmäge ýardam berýän toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda ulag geçelgeleriniň
ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga we degişli infrastrukturany howanyň üýtgemegine
uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen tejribelerdir taslamalar tanyşdyryldy.
Şeýle hem mejlisiň çäklerinde Halkara raýat awiasiýasy
guramasynyň (ICAO) üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmäge, ulag geçelgeleriniň
howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Çarçuwaly
maksatnamalar we bilelikdäki başlangyçlar tanyşdyryldy.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çäräniň ýokary
guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip,
netijeli, durnukly we integrirlenen ulag ulgamlaryny ösdürmek üçin innowasion
çözgütleri ornaşdyrmagyň we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.