milli goshun logo
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty
16.09.2024 91 Habarlar

Şenbe güni – 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar.

Şu gezekki forum dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryňata Watanymyzda geçirilýän giňgerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.