milli goshun logo
Dünýä çempionatynyň Petekleri satylyp başlandy
Dünýä çempionatynyň Petekleri satylyp başlandy
21.10.2018 892 Habarlar | Sport

Aşgabat şäherinde geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk komiteti duşuşyklara tomaşa etmäge hukuk berýän petekleriň satuwyna badalga berdi.

Guramaçylyk komiteti tarapyndan berilýän habarda aýdylyşy ýaly, agyr atletika sportunyň muşdaklary petekleri paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde, «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde we Kuly Şamyradow adyndaky seýilgähde döredilen satuw nokatlaryndan satyn alyp bilerler. 

Petekleriň bahasy 7 manatdan 10 manada çenli üýtgeýär. Ýagny, günüň birinji ýarymyndaky ýaryşlara tomaşa etmekligiň bahasy 7, ikinji ýarymyndaky ýaryşlar üçin petekler 10 manatdan bolar. Çünki günüň ikinji ýarymynda dürli agram derejeler boýunça ýarym finallar we finallar geçirilip, tomaşaçylar dünýä çempionlaryny hut ýaryşyň geçýän ýerinde synlamak mümkinçiligini alarlar.

Petek satuw nokatlary ir sagat 10-dan agşam 20-ä çenli işlär. Guramaçylyk komiteti ýüze çykan sowallar üçin (+993 12) 48 18 22 belgili telefona jaň edip boljakdygyny habar berýär