milli goshun logo
Dünýä çempionaty dabaraly ýagdaýda açyldy
Dünýä çempionaty dabaraly ýagdaýda açyldy
01.11.2018 882 Habarlar | Sport

Garaşylan taryhy pursat hem gelip ýetdi. Türkmenistan Watanymyz üçin taryhy waka – Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny meýdança getirmeginde, Döwlet senamyzyň astynda ýaşyl Tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen açyldy.

Taryha ýaň saljak wakalaryň biri bolan bu dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy  özboluşly öwüşginler, dürli şekil aýratynlyklar, taryhy sahna eserleridir çykyşlar bilen tomaşaçylaryň hakydasynda müdimilik galdy. Şatlyk-şowhunly çykyşlar, küştdepdiler, aýdym-sazlar, kompozisiýalar we türkmen milliligine ýugrulan alamatlar dabaranyň gymmatyny has-da artdyrdy.

Soňra, milli buýsanjymyz bolan Akhan atly bedewimiziň meýdançada peýda bolmagy, onuň hiç bir ýurduň atyna meňzemeýän täsirli oýunlary hususan-da daşary ýurt myhmanlaryny haýrana goýdy.

Onuň yzysüre, «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisinde ýeňiji bolan awtoulagyň meýdança getirilmegi ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrdy.

Dabaranyň ahyrynda ýaryşa gatnaşýan döwletleriň baýdaklary meýdança getirildi we dabara şatlyk-şowhunlaryň astynda mähriban Arkadagymyzyň « Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymynyň ähli tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetirmegi bilen jemlendi.

Ýatladyp geçsek, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna jemi 88 ýurtdan 321 erkek we 283 zenan türgen – jemi 604 agyr atletikaçy gatnaşar.