milli goshun logo
Döwletimiziň maýa goýum syýasaty dabaralanýar
Döwletimiziň maýa goýum syýasaty dabaralanýar
11.09.2024 174 Habarlar

Düýn – 10-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan – 2024» atly sergi öz işine başlady. Giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly çykyş edip, Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň hem-de ugurdaş sergileriň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.