milli goshun logo
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
04.12.2018 898 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine we döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we oba hojalygynda özgertmeleriň dowam etdirilişi barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinden welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznalary döredildi. Ondan paýdarlar jemgyýetine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzakmöhletleýin esasda ýer bölekleri bölünip berilýär.

Resminamalar taýýarlananda umumy meýdany 118 müň gektara barabar bolan ilkinji Gaznadan bölünip berlen ýerleriň 70 göterime golaýynyň şertnama esasynda bugdaý, gowaça we beýleki döwlet buýurmasyna girizilen oba hojalyk ekinleri üçin peýdalanyljakdygy aýratyn görkezilýär. Galan ýerlerde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler. Ikinji Gaznadan bölünip berilýän ýer bölekleri gök we bakja önümlerini, ýeralma, üzüm we ir-iýmiş ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir.

Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap bugdaýyň, gowaçanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki önüm öndürijiler on ýyla çeni möhlet bilen ýeňillikli karz serişdelerini alyp bilerler. Şunuň bilen birlikde, Oba we suw hojalyk ministrligine degişli fermalaryň jaýlaryny onuň gara mallary, dowarlary, düýeleri, guşlary bilen bilelikde tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmak we olara bellenilen tertipde ýer böleklerini bermek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz güýzlük bugdaýyň maýsalaryna ideg edilende, ähli agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyny, munuň bolsa geljek ýylda “ak bugdaýyň” bereketli hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz babadaýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen “ak altynyň” iň soňky hanasyna çenli doly ýygnanylyp alynmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, söwda ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. ”EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisine taýýarlygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça BAE-niň Dubaý şäherine iş sapary guraldy. Ol ýerde 27 — 28-nji noýabrda Bütindünýä sergä gatnaşyjylaryň üçünji taýýarlyk duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary–ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri, “EKSPO — 2020” halkara sergisiniň Baş komissary Rim Al-Haşimi bilen duşuşdy. Taraplar taýýarlyk işleri we “EKSPO — 2020” serginiň geçirilýän döwründe ýygjam hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşdylar. Şeýle hem sergä gatnaşmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar üçin Bütindünýä serginiň geçiriljek ýerine halkara derejesindäki tanyşdyryş sapary gurnaldy. Türkmenistana bölünip berlen meýdanyň möçberi 1572 inedördül metre barabardyr.

Şeýle hem ministr hasabatynda türkmen wekiliýetiniň Kaire bolan iş sapary barada habar berdi. Ol ýerde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi we türkmen-müsür işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Kairde bolmagynyň çäklerinde Müsüriň söwda we senagat ministri, maýa goýum we halkara hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşdy. Şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen Müsüriň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň Türkmenistanyň ýeten derejesini dünýä bileleşigine äşgär etmek, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maksatnamalaýyn ösüş ugurlary, türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tehnologiýalaryny, işläp taýýarlamalaryny, harytlaryny we hyzmatlaryň görnüşlerini daşarky bazara ugradylmagyny üpjün etmek üçin zerur mümkinçiliklerini açýandygyny belledi. “EKSPO — 2020” gözden geçirilişi täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli pudaklar boýunça tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek üçin netijeli çärä öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we öňde boljak foruma ýokary derejede milli sergi bölümini guramak babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Söwdanyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini we onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini, ilatyň abadançylygynyň we durmuşynyň ýeten derejesini görkezýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagy bazar gatnaşyklary şertlerinde mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň bazarlarynyň zerur harytlar bilen üpjün edilmegi, daşary söwda dolanyşygynda importuň we eksportuň sazlaşygy, sebit we dünýä meýilleri nazara alyp, çeýe eksport syýasatyny kemala getirmek maksady bilen daşary ýurtlaryň bazarlaryndaky ýagdaýy yzygiderli öwrenmek wajyp wezipeler hökmünde kesgitlendi.

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Kakabaýew göni aragatnaşyga çagyryldy. Ol milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, önümçilige halkara hil standartlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gullugyň ýolbaşçysy önümleriň hiline, onuň kadalaşdyryş üpjünçiligine, olara baha beriş çäreleriniň tertipleşdirilmegine, ýola goýlan tehniki mümkinçilikleriň tassyk edilmegine dolandyryşyň guramaçylyk-ykdysady guralyny berkitmek boýunça zerur çäreleriň alnyp barylýandygyny, sarp edijileriň hukuklarynyň goragyna, mahabat guralynyň we halkara haryt dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öndürilýän önümleriň, harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň hem-de howpsuzlygynyň barlagynyň dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen hil standartyna laýyk gelmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň kompaniýalary, kärhanalary we guramalary bazar ykdysadyýetiniň ösmegi bilen daşarky bazarlara çykýarlar. Bu bolsa olaryň öňünde täze iş şertleri kesgitleýär. Bu meselelerde gullugyň we oňa degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleriň amala aşyrylmagy zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlara tehniki kadalaşdyryş barlagyny we degişli gözegçiligi üpjün etmek “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň esasy wezipeleridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, önümleriň hilini gowulandyrmak we ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriniň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, maýa goýum çäresini kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamany amala aşyrmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bank-maliýe syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, milli manadymyzyň ornuny pugtalandyrmak üçin yzygiderli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň okgunly ösüşini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň maliýe bazarlaryndaky ýagdaýy yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Onda häzir durnuksyz ýagdaý saklanýar. Bu bolsa halkara ykdysady gatnaşyklara ýaramaz täsir edýär. Daşarky çylşyrymly şertleri hasaba almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, manadyň durnuklylygyny saklamak we ornuny berkitmek, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar diýip döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory M.Annanepesowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol türkmen halkynyň köp asyrlyk şöhratly däplerine laýyklykda, ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, arassa ganly ahalteke atlaryň baş sanyny artdyrmak we arassalygyny saklamak, häzirki döwürde bedewleriň dünýädäki şöhratyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň möhümdigini belläp, bu ugurda mundan beýläk-de degişli işleriň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Halkara derejesindäki atçylyk sport çärelerini guramak işi dowam etmelidir. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň dünýä atçylyk sportunda mynasyp orun eýelemegine we ukyplarynyň doly açylmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we beýleki degişli hünärmenleri taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerine möhüm üns berilmelidigini aýtdy.

Behişdi bedewlere bolan ägirt uly halkara gyzyklanmalaryny nazara alyp, mundan beýläk-de özara tejribe alyşmak, türkmen halkynyň ajaýyp atşynaslyk sungatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir. Ýurdumyzda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hut şu maksada gulluk etmäge gönükdirilendir. Aşgabatda her ýylda onuň mejlisi geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Özüniň üýtgeşik gözelligi, çeýeligi we ýyndamlygy bilen gadym döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem milletiň bahasyz gymmatlygy bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz ajaýyp atlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet beripdirler. Olar türkmen halkynyň taryhynyň tutuş dowamynda wepaly syrdaşy bolupdyrlar. Häzirki döwürde asylly bedewler Türkmenistanyň häzirkizaman ösüşiniň, nesilleriň we taryhy tejribäniň arabaglanyşygynyň, beýik ýörelgeleriň, ýeňşiň, döredijilikli zähmetiň, ösüşiň belentliklerine bolan ynamyň nyşany bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde Ylmy-önümçilik merkezini gurmak we bu ýerde ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebi açmak barada tabşyryk berendigini aýtdy. Bu ýerde pudak üçin ýokary hünärli işgärler taýýarlanylar. Halkara atçylyk sport toplumynyň ýakynynda ýerleşjek desgalar hakyky atşynaslyk toplumyny emele getirer. Munuň özi pudagyň hil taýdan täze derejä çykmagyna, dünýäniň atşynaslyk pudagyna goşulyşmagyna şert döreder.

Döwletimiz mundan beýläk-de milli atşynaslygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ugurda özara tejribe alşylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyna hemmetaraplaýyn goldaw berer. Ussat atşynaslaryň, seýisleriň, halypa çapyksuwarlaryň netijeli iş alyp barmagy üçin ähli zerur şertler dörediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çykyş etdi, ol paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Täze ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk gününi mynasyp garşylamaga, baş şäherimiziň şaýollaryny we meýdançalaryny baýramçylyk keşbine girizmäge görülýän taýýarlyk işleri, öňde boljak şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak barada ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gyş paslynda jemagat gulluklarynyň ähli düzümleriniň utgaşykly işini, ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmek babatynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabat şäherimiz iň gözel we ýaşamak üçin amatly, dürli ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýar diýip belledi. Giň gerimli özgertmeler işine ýokary depgin berýän paýtagtymyz Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Munuň özi halkara derejeli iri forumlaryň hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy we häzirki döwürde gazananlary bilen ýakyndan tanyşmak isleýän daşary ýurtly myhmanlary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleriň döredilmegini talap edýär.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz iň ýakymly täsirleri galdyrmalydyr diýip, ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklar berdi. Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ilatyň ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek, ýaşaýyş jaýlarynda hem-de durmuş maksatly desgalarda ýyladyş, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.