milli goshun logo
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary
06.04.2024 355 Habarlar

Düýn – 5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy.

Gahryman Arkadagymyz resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň jemleýji gününde Milli Liderimiziň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň resmi saparynyň ähmiýeti bellenildi. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň netijeleri iki döwletiň we halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen dost-doganlyk däplerine berk ygrarlydygynyň, taraplaryň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.