milli goshun logo
Dabaraly maslahat geçirildi
Dabaraly maslahat geçirildi
20.12.2021 1196 Habarlar | Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyna hem-de hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze goşgusyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenler paýtagtymyzda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara maslahatyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň, gol çekilen resminamalaryň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini nygtadylar. Şeýle hem ýakynda milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze eseriň parahat durmuşymyzy üpjün edýän merdana Watan goragçylary üçin iňňän uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetiren «Halkyň Arkadagly zamanasy», «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly edebi-sazly çykyşlary ata Watany söýmegiň, ajap eýýamy – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza buýsanjyň beýanyna öwrüldi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

«Milli goşun».