milli goshun logo
Dabaraly harby ýörişe gatnaşmak bagty
Dabaraly harby ýörişe gatnaşmak bagty
27.09.2021 2331 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişdäki esgerleriň aglabasyna bu şöhratly dabara üçünji gezek gatnaşmak bagty miýesser etdi.

Şeýle bagtdan paýly esgerleriň biri – hatarçy Ýagşygeldi Mämmedow ilkinji gezek geçen ýylyň 9-njy maýynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňünde geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşdy. Ol Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynda geçirilen dabaraly harby ýörişde hem ýokary nyzam taýýarlygy bilen gaýduwsyzlygyň hakyky keşbini äşgär etdi.

Ine, bu ýyl bolsa, ol motoatyjylyk batalýonynda dabaraly harby ýörişe üçünji gezek gatnaşýar. Üç gezek şeýle bagtyň nesip etmegini, ol esgerlik döwrüniň iň uly peşgeşi hasaplaýar.

– Döwlet münberine deňleşip, ýöriş bilen barýarkam meni üýtgeşik, söz bilen aýdyp bolmajak tolgunma eýeledi. Şeýle duýgyny üçünji gezek başymdan geçirdim – diýip, esgerlikde dabaraly harby ýörişe üçünji gezek gatnaşmak bagtyna mynasyp bolanlaryň ýene-de biri motoatyjy, kiçi seržant Oraz Döwletow gürrüň berdi.

«Milli goşun».