milli goshun logo
Çekeleşikli geçen final
Çekeleşikli geçen final
11.12.2018 1750 Habarlar | Sport

Ozal habar berişimiz ýaly, şu gün Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finaly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Watançy» hokkeý topary bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý toparynyň arasynda boldy. Çekeleşikli geçen final 9:6 hasaby bilen «Galkanyň» peýdasyna tamamlandy. Ýurdumyzyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň ezber hokkeýçileriniň aglabasynyň «Galkan» hokkeý toparynda jemlenendigini nazara alsak, onda bu ýagdaý «Watançy» hokkeý topary üçin uly üstünlikdir.

Kubok ugrunda ýurdumyzyň 6 sany hokkeý topary öz başarnygyny orta goýdy. Turuwbaşdan ajaýyp oýny bilen ünsleri özüne çeken «Watançy» ýarym finalda garşydaşy «Nesil» hokkeý toparyny 12:3 hasabynda ýeňmegi başardy. Finalda bolsa ujypsyzja säwlikler zerarly «Galkandan» asgyn geldi. Şunlukda, «Galkan» kubogyň eýesi, «Watançy» arzyly 2-nji ýere, «Nesil» bolsa 3-nji ýere mynasyp boldular.

Şeýle kubok ýaryşlarynyň sportuň dürli görnüşlerinde ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň sporty ösdürmek babatyndaky üznüksiz aladalarynyň beýanydyr. Bu ýaryşlaryň netijesinde türkmen hokkeýçileri has-da kämilleşip, halkara ýaryşlarynda hem üstünlikli çykyş edip, abraýly orunlary eýelejekdiklerine ynanýarys!



«Milli goşun»