milli goshun logo
Çarwadarlaryň oýunlarynda ýigrimi üçünji medal
07.09.2018 823 Habarlar | Sport

Şu gün Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda aba göreşi boýunça ýaryşlar geçirildi, onda türkmen türgenleri nobatdaky kümüş medala mynasyp boldular. Bu gezek 80 kilograma çenli agram derejede çykyş eden ildeşimiz Işanmyrat Ataýew tapawutlandy.

Sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşiklere 18 ýurtdan kyrkdan gowrak türgen gatnaşdy. Biziň türgenimiz bäsdeşlerinden yzly-yzyna üstün çykyp, finala ýetdi. Emma finalda türkmenistanly türgene ýeňmek başartmady. Şunda biziň ildeşimiziň has ýokary orny eýelemäge mümkinçiligi hem bardy, ýöne öňki geçirilen tutluşyklarda birnäçe şikes alan hem-de belli bäsdeşleri bilen duşuşyklarda köp güýç sarp eden I.Ataýew diňe kümüş medal bilen kanagatlanmaly boldy.

Bu sylag oýunlaryň alty gününiň dowamynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň 23-nji medaly boldy.

Häzirki güne çenli umumy hasapda Türkmenistanyň topary 8 altyn, 5 kümüş we 10 bürünç medal bilen dördünji orunda barýar.