milli goshun logo
Bu günki üstünlik - ertirki ýeňiş
Bu günki üstünlik - ertirki ýeňiş
12.06.2018 2821 Habarlar | Harby özgertmeler

«Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz» diýdirip hemmeleri tijendirýän tomus pasly her kime bir hysyrdyny, süýjüje aladany alyp gelýär. Bu pasyl daýhan ýetişdiren datly miweleriniň hasylyny ýygnasa, kimler uzak ýyllap çeken zähmedinden soň, dynç alyş rugsadyna çykyp, göwnejaý dynç almagyň ugrunda. Tomus pasly ýaşlar üçin hem örän jogapkärli döwür. Olaryň köpüsi bu döwürler orta mekdepleri gutaryp, ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin giriş synaglaryna taýynlansalar, öz wagtynda talyp bolan ýaşlar gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrmagyň aladasynda. Gutardyş döwlet synaglarynyňam tolgundyryjylygy, jogapkärçiligi giriş synaglarynyňkydan pes däl. Bizem şeýle tolgundyryjy pursatlary ýakyndan synlap, şaýat bolmak maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzdaky beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda gutardyş döwlet synaglary gyzgalaňly dowam edýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda döwlet synagyny tabşyrýan harby talyp ýaşlaryň hem olaryň mugallymlarynyň arasynda bolduk. Watan goragçylaryny hemmetaraplaýyn taýýarlaýan bu abraýly ýokary harby okuw jaýyna girmek üçinem dogumyň, zehin-üşügiň juda ýeterlik bolmalydygy düşnükli zat, ýöne bäş ýyllap göreldeli mugallymlaryň elinde okap, türgenleşiklerde taplanyp ýetişeňsoň, seniň dogumyň edermenlige, üşük-zehiniň kämillige öwrüljekdigi has-da düşnükli. Biz hut şeýle harby talyp ýaşlar bilen hem söhbetdeşlik guradyk.

Olaryň biri: «Men çagalygymdan harby lybas geýip, harby hünäre eýe bolmagy arzuw edýärdim. Şol arzuwymam meni 2013-nji ýylda harby institutyň gapysyndan getirdi. Bu gün bolsa, şol arzuwym dolulygyna amala aşmagyň öňüsyrasynda dur».

 Onýança synag otagyndan uzyn syrdam boýly harby talyp oglan ýylgyryp çykdy-da içki buýsanjyny biziň bilen göwünjeň paýlaşdy: «Men ähli üstünliklerim üçin ilki bilen öz mugallymlaryma minnetdardyryn» diýip 5 ýylyň dowamynda özlerinde bolup geçen ýakymly ýatlamalaryny gürrüň berdi.

 ...Söhbetdeşligimiz dowam etdigiçe harby institutyň ähli talyplary göreldeli talyplar bolup duýuldy. Onsoň biziň söhbedimiziň çygry has-da giňäp gidiberdi. Olar hem alan bilimlerini amalyýetde özleşdirmek işleri okuw merkezinde geçirilýän türgenleşik tejribelen barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Harby talyplar özlerine irginsiz ylym-bilim öwreden, ýakyndan ruhy goldaw beren mugallymlarynyň atlaryny hormat bilen tutdular. Bizem şeýle yhlas-gujurly mugallymlara ynamyňyz ganat ýaýsyn, yhlasyňyz gowuşsyn diýesimiz gelýär. Watan goragçysy bolup zähmet ýoluna, manyly menzillere gadam goýjak harby talyplara bolsa, ýeňil bolmadyk ýollarda uly-uly üstünlikler arzuw edýäris.

 «Milli goşun»