milli goshun logo
BMG-niň Awaza maslahatynyň birinji gününiň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi
BMG-niň Awaza maslahatynyň birinji gününiň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi
2 gün öň 78 Habarlar

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji gününiň netijeleri boýunça brifing geçirildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, forumyň geçişine syn berdiler.

Antoniu Guterriş türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň çemeleşmesine ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, forumyň umumy mejlisi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, onda döwlet we hökümet Baştutanlary, BMG-niň ýokary wezipeli işgärleri, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, ylmy toparlaryň, raýat jemgyýetiniň, hususy ulgamyň wekilleri çykyş etdiler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň giň gerimli maksatnamasy öňde goýlan maksatlaryň örän uludygyna hem-de möhümdigine şaýatlyk edýär. Esasy çäreleriň hatarynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna serediljek «tegelek stoluň» başyndaky ýokary derejeli söhbetdeşlikleriň bäşisi, parlamentarileriň, raýat jemgyýetiniň, hususy ulgamyň, ýaşlaryň, zenanlaryň wekilleriniň gatnaşmagyndaky forumlar, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy babatda ministrler derejesindäki we ulag boýunça duşuşyklar, sebitleriň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän ýörite çäreler bar. Bu forumlar maslahatyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklap, wehimleri mümkinçiliklere we ösüşe öwürmek babatda umumy ygrarlylygyň görkezijisine öwrüldi.