milli goshun logo
BMG-niň Awaza forumynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi
BMG-niň Awaza forumynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi
02.08.2025 59 Habarlar

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmeginiň diňe bir uly hormat bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, maslahat ösüşe baha bermäge, ýurtlaryň has-da ýakynlaşmagyna, durnuklylygyna ýardam etjek strategiýalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer. “Biz bu forumyň öz işini Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlaýandygyna örän şatdyrys” diýip, wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam etdi. Ýakyn günlerde Awaza dostlaryň we hyzmatdaşlaryň duşuşýan, gatnaşyklaryň pugtalandyrylýan, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulýan ýerine öwrüler.

Ol bu möhüm duşuşygy taýýarlamaga gatnaşanlaryň ählisine, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere, halkara guramalara, gyzyklanma bildirýän taraplara, bilermenlere, maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, forumyň netijeleriniň örän ähmiýetli boljakdygyna, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima çykyş edip, baýdak galdyrmak dabarasyna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

“Forumyň «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» diýen mowzugy bilelikde baýdaklary galdyrmak çäresinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Munuň özi bize deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hem-de olaryň 600 milliona golaý ilatynyň öňündäki jogapkärçiligimizi ýatladýar” diýip, hanym Rabab Fatima aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna mähirli kabul edendigi, myhmansöýerlik, giň gerimli çäreleriň ýokary derejede guralýandygy hem-de Awazany pikir alyşmalar üçin ajaýyp meýdança öwürmek babatda ähli tagallalaryň edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

“Baý medeni mirasa eýe bolan, halkara abraýy barha artýan Awaza, hakykatdan-da, her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu taryhy maslahat üçin mynasyp ýerdir. Türkmenistanyň we BMG-niň baýdaklaryny galdyrmak bilen, biz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatdaky maksatlarymyza hem-de wezipelerimize gowy düşünýäris. Dünýä bileleşigini birleşdirýän möhüm ýörelgeleriň ähmiýetini tassyklaýarys” diýip, hanym Rabab Fatima sözüni dowam etdi.

“Biz bu ýere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň her birini dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrmak, ösüşe päsgel berýän ulag we söwda bökdençliklerini aradan aýyrmak, biziň geljegimiz üçin zerur bolan howa babatda maliýeleşdirmek, maýa goýumlary üpjün etmek üçin ýygnandyk. BMG-niň baýdagy Türkmenistanyň Döwlet tugy bilen bilelikde galdyrylar. Olar biziň umumy maksatlarymyzyň nyşany hökmünde bilelikde parlar. Goý, bu maslahat raýdaşlyga, möhüm ähmiýetli çözgütlere hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň öňündäki ählumumy borçnamalara beslenjek taryhy waka öwrülsin!” diýip, hanym Rabab Fatima aýtdy we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilýän ýerini resmi taýdan açyk diýip yglan etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we BMG-niň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna, degişlilikde, ýurdumyzyň we Milletler Bileleşiginiň baýdaklary gowşurylýar. Şol wagt harby orkestr dabara sazyny çalýar. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary galdyryldy. Bu waka ählumumy parahatçylyga, rowaçlyga ymtylmany alamatlandyrdy.