milli goshun logo
Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy
Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy
13.12.2024 144 Habarlar

Düýn – 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza doly laýyk gelýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara giňişlikde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli başlangyçlary ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.