milli goshun logo
Bilim işgärleriniň däbe öwrülen ýanwar maslahatlary
Bilim işgärleriniň däbe öwrülen ýanwar maslahatlary
06.01.2019 733 Habarlar

Mähriban Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň dünýä derejesinde döwrebap bilim, terbiýe almaklaryna giň mümkinçilikler döredýär. Şu nukdaýnazardan bilim işgärleriniň iş tejribesini artdyrmakda ýerine ýetirilen işlere nazar aýlamakda öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde bilim işgärleriniň däbe öwrülen ýanwar maslahatlary uly ähmiýete eýedir.

«Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan onuň ylym-bilim binýadyndan berkdigine baglydyr» diýen şygar bilen bu usuly-amaly okuwlar işjeň häsiýete eýe bolup, tejribeli bilim işgärleriniň dersler boýunça çykyşlary diňlenildi. Onuň dowamynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hemem ýokary netijeli iş tejribeler, okatmagyň täze işjeň usullary dogrusynda gürrüňler edildi. Bilim işgärleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak barada-da özara pikir alyşdylar. Hormatly Arkadagymyzyň bilim özgertmelerini amala aşyrmakda öňde durýan wezipeleri çözmegiň ýollaryny kesgitlediler.