milli goshun logo
Bilelikdäki Beýannama gol çekildi
Bilelikdäki Beýannama gol çekildi
11.06.2024 75 Habarlar

Resminamada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 2024-nji ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza döwlet sapary boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, durmuş, medeniýet ulgamlarynda, sebit we ählumumy meselelerde özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, umumy gülläp ösüşe ýardam bermek hakynda ylalaşdylar.

Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda berk we uzak möhletli gatnaşyklary guramak üçin örän möhüm serişde hökmünde iki ýurduň halklarynyň arasynda ynsanperwer alyşmalaryň ähmiýetini tassykladylar hem-de medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar.