Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň: «Bilimli
nesil – kuwwatly Watan», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Il saglygy – Ýurt baýlygy» diýen şygarlaryny özüne hemra
edinen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 3-nji ýyl
harby talyby Kerim Baýgeldiýew bu gün hakyky gerçek boldy.
Ýetip gelýän,
Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda
yglan eden, «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry,
paýtagtymyzyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatyrynda ýokary ruhubelentlik
ýagdaýynda geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýykda oňa gatnaşan gerçek
ýigitler ukyp-başarnyklaryny, özleriniň saýlap alan hünärlerine bolan
söýgülerini we jemgyýetdäki tutýan ornuny, sahna ussatlyklaryny, türkmen
ýigidine mahsus ar-namyslylygyň, gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň belent nusgasyny, watançylyk
duýgusyny sahna eserleriniň üsti bilen beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň
sagdyn durmuş ýörelgesini, mähriban halkymyza sowgat beren mukaddes
kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetlerini ussatlyk bilen wasp etdiler.
Netijede,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň 3-nji ýyl harby
talyby Kerim Baýgeldiýew I orna mynasyp bolup, ol Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň Hormat haty we gymmat bahaly ýadygärlik sowgady bilen
sylaglandy.
Elbetde, «Zehin – zehinden zyýada» diýlişi ýaly özara ýaryşlar,
geçirilýän bäsleşikler hemişede hakyky ussady, çyn zehini ýüze çykarýar. Ýaryş
bar ýerinde ýeňşiň, bäsleşik bar ýerinde bolsa öňe gidişligiň bolmagy hemmämize
mälim hakykatdyr.
Munuň
şeýledigini harby talyp Kerim Baýgeldiýewiň Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
halkymyza sowgat beren «Türkmenistan
– Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»
atly ajaýyp kitaby bilen bagly çeper okaýyşlary ýerine ýetirmegi, watançylyk
çagyryşlaryny kalbynyň töründen syzdyryp belent owaza salmagy, çeýe hem çalasyn
nyzam tilsimleri bilen mele ýere dyzyn epip, ýaşyl tugumyza togap etmegi, ony
hakykatdan-da bäsleşige tomaşa edenleriň we emin agzalarynyň biragyzdan
saýlamagy esasynda hakyky gerçek hökmünde öňe çykardy. Geljekki serkerdäniň bu
gazanan üstünligi, onuň Watan goragy ýaly mukaddes kärinde indiki ýeňişlerine
badalga bolar.
Ata
Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň goragynda
synmaz erkli, polat galkan bolup durjak bagtyýar gerçegi gazanan ýeňşi bilen
tüýs ýürekden gutlaýarys, şeýle ýeňişleriň höwri köp bolsun!
Şeýle
mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag,
belent başy aman, dünýä ähmiýetli, umumyadamzat bähbitli belent başlangyçlary
elmydama rowaçlyklara beslensin!
Kerim MYRADOW, leýtenant.