Ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri
taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasyny, harby uçurymlaryň harby we
hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli
tamamlamagy mynasybetli paýtagtymyzda gül desselerini goýmak dabarasy
geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet
Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde türkmeniň edermen ogly,
ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, Konstitusiýa binasyna hem-de
«Halk Hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat», «Ruhy tagzym»,
«Milletiň ogullary» ýadygärliklerine buýsanç bilen tagzym edip, gül desselerini
goýdular.
Bu dabara Berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, çäk bitewüliginiň,
özygtyýarlylygynyň, konstitusion gurluşynyň goramak ukybynyň barha
kämilleşdirilmegini, döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurt howpsuzlygynyň,
jemgyýetçilik asudalygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmegi, kanunçylygy we
hukuk tertibini berkitmegi gerdenlerine alyp, zähmet ýolana gadam basan harby
gullukçylarymyzyň merdana pederlermiziň mertlik mekdebini dowamata utgaşdyrýandygynyň
aýdyň nyşanyna öwrüldi.