milli goshun logo
Belent Serkerdebaşymyza taýçanak sowgat berildi
Belent Serkerdebaşymyza taýçanak sowgat berildi
10.01.2019 2922 Habarlar

Içeri işler ministri I.Mulikow IIM-niň şahsy düzüminiň adyndan Belent Serkerdebaşymyza 2019-njy ýylyň ilkinji gününde toplumda doglan taýçanagy sowgat hökmünde kabul etmegi hem-de taýçanaga at dakyp bermegi milli Liderimizden haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taýyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda doglandygyny nazara alyp, oňa «Rowaç» adyny goýdy.

Bu at türkmen halkynyň ata Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegi baradaky umyt-arzuwlary bilen baglydyr.  Çünki «At-myrat» diýlen paýhasly jümläni döreden halkymyz ýylyň başynda altyn öwüşginli taýyň dünýä inmegini ýagşa ýorýar.