Düýn – 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Awtoulagda Gökdepe metjidiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sadaka gatnaşyjylar tarapyndan mähirli garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde berilýän sadakanyň kabul bolmagyny dileg edip, hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde metjide bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okady. Onda hajy Arkadagymyzyň zyýaratynyň kabul bolmagy, öten-geçenlerimiziň jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.