milli goshun logo
Belent maksatlar üstünliklere beslenýär
Belent maksatlar üstünliklere beslenýär
26.12.2023 366 Habarlar

Düýn – 25-nji dekabrda  Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna bagyşlanyp,«Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary – çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk ýoly» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, degişli halkara düzümleriň Türkmenistandaky wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň wekilleridir beýleki ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň hem-de onda garalan meseleleriň möhümdigi nygtaldy.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.