milli goshun logo
Belarusiýa bilen Koreýa Respublikasy ilkinji medallaryny gazandy
Belarusiýa bilen Koreýa Respublikasy ilkinji medallaryny gazandy
05.11.2018 1039 Habarlar | Sport

Dünýä çempionatynyň 4-nji günündäki medallar ugrundaky bäsleşikleri 73 kg agramda çykyş edýän erkekler jemlediler.  

Birbada götermekde hytaýly türgen Shi Zhiyong 164 kg göterip, altyn medal gazandy. Ol şol sanda birbada götermek boýunça ulularyň arasyndaky rekordy-da täzeledi. Belarusly türgen Likharad Vadzim 156 kg agramy galdyryp, kümüş medala mynasyp boldy. 155 kg götermegi başaran hytaýly Feng Lyudong bürünç medal aldy.

Itekläp götermek görnüşi boýunça altyn medala hytaýly türgen Shi Zhiyong mynasyp boldy (196 kg). Ol şol sanda itekläp götermekde ulularyň arasyndaky dünýä rekordyny täzeledi. 

Kümüş medalyň eýesi bolsa «B» toparçadan çykdy. Koreýaly Won Jeongsik 195 kg göterip, dünýäniň wise-çempiony boldy. Gazagystanly Nijat Rahimov 190 kg göterip, bürünç medala eýelik etdi.

Umumy hasapda altyn medala Shi Zhiyong eýe boldy. Onuň görkezijisi 360 kilograma deň geldi. Ol umumy hasapda dünýä rekordyny täzeledi. «B» toparçada çykyş eden Won Jeongsik 348 kg göterip, kümüş medal aldy.