milli goshun logo
Baýramçylyk mynasybetli ýaşaýyş jaýlary açyldy
Baýramçylyk mynasybetli ýaşaýyş jaýlary açyldy
08.03.2024 590 Habarlar

Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan giň gerimli dabaralar ýurdumyzyň çar künjegini gurşap aldy. Bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzyň Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 2 sany 5 gatly, 40 öýli, şeýle hem Büzmeýin etrabynda 1 sany 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy, Arkadag şäherinde Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly enelere bäş gatly kaşaň «akylly» jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli täze jaýlaryň açylyş dabaralarynda aýdym-sazly çykyşlaryň guralmagy, milli toý däplerini açyp görkezýän tomaşalara giň orun berilmegi, süýjüden-süýji arzuwlaryň aýdylmagy ildeşlerimiziň toý şatlygyny has artdyrdy.

Eziz Diýarymyzda köp çagaly enelere ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň sowgat berilmegi ýurdumyzda mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, nesillere mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň jebisligini has-da berkitmekde enelerimiziň eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berilýändiginiň, zenan mertebesiniň belent tutulýandygynyň dabaralanmasydyr.