milli goshun logo
Bäsleşiklerde tapawutlanan harby zenanlar
Bäsleşiklerde tapawutlanan harby zenanlar
07.03.2018 2601 Habarlar | Harby özgertmeler

Zenan maşgala dünýäniň bezegi, öýümiziň, ömrümiziň diregi bolup, biziň durmuşymyza şugla saçýar. Ýaşaýşymyzy gözelleşdirip, ony has-da manyly görnüşe getirýär.

Biziň ýurdumyzda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik we belent ahlak ýörelgelerini enelik mähri bilen dowamata dowam edýän zenanlarymyza belent sarpa goýulýar. Berkarar Watanymyzda bagtyýar geljegini gurýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän ägirt uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, zenanlar  barada yzygiderli hormata mynasyp işler alnyp barylýar.

2018-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde taryhymyzda edermenligi bilen dünýäni haýrana goýan merdana zenanlaryň döwrebap dowamatlary hem öz başarnyklaryny görkezmegi başardy. Bäsleşigiň «Ýylyň watançy zenany» ugry boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçysy uly leýtenant Oguljeren Döwletgeldiýewna Atabaýewa ýeňiji boldy.

2018-nji ýylyň 2-nji martynda bolsa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini taýýarlamagyň meýilnamasyna laýyklykda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň zenan harby gullukçylarynyň arasynda «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem geçirildi.

Bäsleşigiň jemlerinde:

  • Baş baýraga leýtenant Altynaý Bäşimowna Tuwakowa;
  • 1-nji orna leýtenant Aýgözel Hudaýberdiýewna Jadykowa;
  • 2-nji orna borçnama boýunça harby gullugyň uly seržanty Ogulnabat Allaýarowna Ýakubowa;
  • 3-nji orna leýtenant Tawus Batyrowna Durdyýewa mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we tapawutly çykyş eden harby gullukçylara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk ruhuna beslenen ýurdumyzyň çar künjeginde hem şowhunly dabaralar giň gerime eýe bolýar. Bu baýramçylyk dabaralarynyň ýokary ruhubelentlikde geçirilişi hakynda pikir edeniňde, zenan gözelligi, näzikligi, ýakym-ýaraşygy bilen bahar paslynyň arasynda örän uly meňzeşligiň, baglanyşygyň bardygyny öz ýanyňdan ykrar edýärsiň. Goý, kalplary bahara meňzeş enelerimiziň, uýalarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!