milli goshun logo
Mertlik ýoly dowamata uzaýar
Mertlik ýoly dowamata uzaýar
8 sagat öň 14 Harby özgertmeler

Ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasyny, harby uçurymlaryň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagy mynasybetli paýtagtymyzda gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde türkmeniň edermen ogly, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, Konstitusiýa binasyna hem-de «Halk Hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat», «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine buýsanç bilen tagzym edip, gül desselerini goýdular.

Bu dabara Berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, çäk bitewüliginiň, özygtyýarlylygynyň, konstitusion gurluşynyň goramak ukybynyň barha kämilleşdirilmegini, döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmegi, kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmegi gerdenlerine alyp, zähmet ýolana gadam basan harby gullukçylarymyzyň merdana pederlermiziň mertlik mekdebini dowamata utgaşdyrýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.