milli goshun logo
Azyk önümleriniň importy 27,5 göterim azaldy
Azyk önümleriniň importy 27,5 göterim azaldy
05.01.2019 669 Habarlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportuny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparynyň işi hem-de gözegçilik edýän döwlet we hususy düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Azyk önümleriniň importunyň 27,5 göterim azalyp, şol sanda et we şöhlat önümleriniň 39,7 göterim, balyk önümleriniň 33,9 göterim, süýt önümlerini 59,5 göterim, süýji-köke önümleriniň 48,5 göterim, unaş önümleriniň 41,9 göterim, miwe suwlarynyň we alkogolsyz içgileriň 94,1 göterim az getirilendigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň birnäçesine alyjylaryň islegleri öwrenildi hem-de olary yzygiderli satyn almak boýunça işler geçirildi.