milli goshun logo
Azyk bolçulygy obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksadydyr
Azyk bolçulygy obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksadydyr
27.12.2018 1229 Habarlar

20-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýylda yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeleri kesgitledi.

Geljek ýylda amala aşyrylmaly işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda pudaklaryň düşewüntliligini we ýurdumyzyň harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň mukdaryny azaltmak, maýa goýum işjeňligini, döwlet eýeçiligine degişli ugurlary hususylaşdyrmagy dowam etdirmek, telekeçilik işleri üçin amatly şertleri döretmek ýaly wezipeler durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, oba hojalygyny özgertmek boýunça görlen çäreler oňyn netijeleri berýär, şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň oňat hasyly alyndy.

Döwletiň önümleri satyn almagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň, tohumlaryň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramaga degişli serişdeleriň berilmegi — oba hojalyk öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan höweslendirmegiň bu çäreleriniň ählisi zerur netijäni berýär, olaryň öz zähmetiniň hözirini görmäge gyzyklanmalaryna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, innowasion tehnologiýalaryň, menejmentiň öňdebaryjy usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, sebitlerde döwrebap durmuş düzüminiň döredilmegine uly üns berýär.

Importuň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň azyk senagatyny has-da ösdürmegiň, ilatyň dürli görnüşli hem-de ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu maksatnamalaryň çäklerinde 110-dan gowrak taslamalary, şol sanda oba hojalygynda we azyk senagatynda taslamalary amala aşyrmak bellenildi. Şunda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, ýagny bellenilen maksatlara ýetmek üçin döwletiň we telekeçileriň tagallalarynyň birleşdirilmegine möhüm orun berilýär.

Şu ýyl Ahal welaýatynda “Guş toplumy” hususy kärhanasynyň buýurmasy boýunça gurlan maldarçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegini mysal hem-de görkezmek bolar. Onuň önümleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden tanalýar. 2009-njy ýylda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda açylan “Guş toplumy” ýurdumyzda şunuň ýaly ilkinji kärhana bolup, onuň düzüminde guş idedilýän, senagat inkubatory, et önümleri bölümleri, oba hojalyk ekinleri, garylan iýmleri öndürýän zawod bar.

“Guş toplumy” täze kärhanasynyň önümçilik kuwwaty bir ýylda etiň 200 tonnasyna barabardyr. Häzir toplumda gara malyň 120-si saklanyp, şolaryň sanyny geljekde 800-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde mallary saklamak, göleleri idetmek üçin ähli şertler üpjün edildi. Telekeçilere 300 gektardan gowrak ýer uzakmöhletleýin ulanmaga berildi. Şonyň 290 gektary ot-iýmlik ekinleri üçin bölünip berildi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Ajaýyp ussat halal önümler” hojalyk jemgyýeti hem öz işiniň gerimini giňeltmegi dowam edip, oba hojalyk önümlerini öndürmäge we gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilendir. Birnäçe ýyl mundan öň telekeçiler Bäherden etrabynda ilkinji et-süýt toplumyny gurdular. Häzir bu ýerde gara malyň 2300-den gowragy saklanýar. Germaniýadan dünýä belli saýlama tohumlaryndan — köp süýt berýän golştin tohumyndan hem-de süýt we et babatda önümli bolup, dürli howa şertlerine aňsat uýgunlaşýan simmental tohumyndan bolan sygyrlar getirildi. Şeýle hem fermada dowarlaryň 1100-den gowragy saklanýar.

Bulardan başga-da, dag etegindäki jülgede ýerleşen “Arçman” daýhan birleşiginiň çäginde 75 gektar meýdanda bagy-bossanlygyň düýbi tutulyp, onda miweli agaçlaryň 50 müňden gowragy oturdyldy. Açyk ýerlerde bolsa, bakja önümleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Ahal welaýatynyň beýleki täze desgalarynyň hatarynda Tejen etrabynda “Azapkeş” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan maldarçylyk toplumy bar. Onuň önümçilik kuwwaty bir ýylda süýdüň 3 müň tonnasyna hem-de etiň 100 tonnasyna barabardyr. Fermada ýerli tohumlardan başga-da, Germaniýadan we Ukrainadan getirilen saýlama tohumlardan gara mallaryň 300-den gowragy saklanýar.

Lebap welaýatynyň obsenagat düzüminiň üstüni ýokary hilli guş etiniň 500 tonnasyny we 2,5 million sany ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy ýetirdi. Ony Çärjew etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Eşret” daýhan hojalygynyň işgärleri gurdy.

Iri maldarçylyk toplumy Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda hem açyldy. Bu ýerde bir ýylda etiň 500 tonnasy öndüriler. Häzirki wagtda fermada gara malyň 440 baş sany saklanýar. Telekeçiler geljekde süýt we et berýän sygyrlaryň sanyny 3 müňe ýetirmegi, önümleri gaýtadan işleýän bölümi açmagy meýilleşdirýärler.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň her ýyl söwda nokatlaryna ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň 1800-2000 tonnasyny öndürjek ýyladyşhana toplumy ulanylmaga berildi. Pomidor ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen şeýle ýyladyşhana hojalygy demirgazyk welaýatyň Akdepe etrabynda hem peýda boldy.

Mary welaýatynda gurlan täze guşçulyk toplumynyň taslama kuwwaty bir ýylda ýumurtganyň 5 million sanyna hem-de towuk etiniň 500 tonnasyna barabardyr. Hususan-da, bu ýerde guşlaryň 130 müňden gowragy saklanar.

TSTB-niň agzalary tarapyndan Murgap etrabynda gurlan maldarçylyk toplumy bir ýylda süýdüň 100 tonnasyny hem-de etiň 100 tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Fermada gara malyň 750 baş sanyna, şol sanda golştin tohumyndan sygyrlaryň 150 baş sanyna ideg edilýär.

Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak hem-de şolary möwsümleýin saklamak üçin şertleri döretmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipeleri çözmek babatda işler dowam edýär. Şu ýyl Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir obasynda gaplanan gök önümleriň–miweli suwlaryň, mürepbeleriň, şireli suwlaryň, duzlanan önümleriň, marinada ýatyrylan önümleriň şertli gaplarynyň bir ýylda 1 millionyny öndürýän zawod açyldy.

Balkanabatda Italiýadan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen unaş önümlerini öndürýän täze zawod guruldy. Awtomatlaşdyrylan tehnologik ulgamyň kuwwaty bir ýylda iki tapgyrlaýyn işde önümleriň 270 tonnasyna barabar bolar. Häzirki wagtda bu ýerde unaş önümleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligi özleşdirildi.

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda gök-miwe önümleriniň 2 müň tonnasyny saklamak üçin niýetlenen sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Oba we suw hojalyk ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan täze desga

Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde paýtagtymyzdaky hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky söwda merkezlerinde we bazarlarda haryt bolçulygy importuň ornuny tutýan harytlary, şol sanda azyk önümlerini öndürmek babatda wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda obasenagat toplumynda täze sepgitlere ýetiler. Bu bolsa ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder.