Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu
Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang,
foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary hem-de agzalary, halkara
guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň resmi adamlary
gatnaşdylar.
Dabaranyň öňüsyrasynda Gahryman
Arkadagymyz foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlaryny
mübärekledi we olar bilen bilelikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň resmi banneriniň öňünde ýadygärlik
surata düşdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de belent mertebeli
myhmanlar dabaranyň geçirilýän ýerine bardylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz
dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň
öz işine başlamagy bilen mähirli mübärekledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyşyny BMG-niň resmi
dilleriniň biri bolan rus dilinde dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň Hazaryň türkmen kanarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady giňişligindäki möhüm ähmiýeti hakdaky çuňňur many-mazmunly taryhy çykyşyndan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýanga söz berildi. Belent mertebeli myhmanlar öz çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede guramak babatda ähli mümkinçilikleri dörendigine ýokary baha berdiler.