milli goshun logo
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin gyşky dynç-alyş möwsümi başlady
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin gyşky dynç-alyş möwsümi başlady
03.01.2019 1024 Habarlar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwletimiz tarapyndan ähliumumy aladalar bilen gurşalyp alynan ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin gyşky dynç-alyş möwsümi başlandy. Bagtyýar çagalar gyşky dynç alyş möwsüminde hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren körpe neslimiziň şadyýan dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary, medeni-köpçülik çärelerine gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen häzirkizaman dynç-alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alarlar.

Şu ýyl 7 müňden gowrak okuwçyny kabul etjek Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän sagaldyş merkezleriniň 5-si körpeleriň 1500-sini kabul eder.