milli goshun logo
Asudalygyň ygtybarly daýanjy
Asudalygyň ygtybarly daýanjy
09.10.2018 3864 Habarlar | Harby özgertmeler

9-njy oktýabr. Bu taryhy sene Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni. Ýurt derejesinde baýram edilýän bu toýa ýokary depginde taýýarlyklar görüldi. Bu gün harby deňizçileriň ýürek owazlary Awazada aýdym bolup ýaňlanar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň beýleki goşun görnüşleri bilen bir hatarda, Harby-Deňiz Güýçleri hem öňlerinde goýlan jogapkärli wezipäniň abraý bilen hötdesinden gelip, Watanymyzyň deňiz serhetleriniň rahatlygyny,  howpsuzlygyny doly derejede üpjün edýärler. Muňa deňizçi harby gullukçylaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ugurda edýän tagallalarynyň jogaby diýip düşünse bolar. 2015-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar we desgalar toplumy, 2016-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda öz işine başlan, kiçi ýaşdan deňizçilik hünärine söýgi döretmek, bu ugurdan hünärmen boljaklary taýýarlap başlamak maksady bilen açylan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi – bu edilýän tagallalaryň esasylarydyr.

Parahatçylygyň nusgasy hökmünde diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda amala aşyrylýan özgertmeler bilen bir hatarda, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda Harby-Deňiz Güýçleriniň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.        

Asudalygyň ygtybarly daýanjy bolan harby deňizçileriň mundan beýläk-de, ata-babalarymyzdan miras galan harby deňizçilik sungatyny has-da ösdürip, deňiz serhedimiziň mizemezligini üpjün etmek ugrunda alyp barýan mukaddes işleriniň üstünliklere beslenjekdigine ynanýarys!

Mukaddeslige ýugrulan baýramyňyz gutly bolsun, hormatly deňizçi harby gullukçylar!