milli goshun logo
Arzyly güne bir ädim
Arzyly güne bir ädim
10.09.2018 873 Habarlar | Sport

10-njy sentýabr. Bu gün mähriban Watanymyzyň dünýädäki sport abraýyna abraý goşjak arzyly ýaryşyň başlanmagynyň bosagasynda durus. Taryhda müdimi yz goýan Beýik Ýüpek ýoluny bu günki günde täzeden, döwrebap görnüşde janlandyrýan «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi dostluga, doganlyga, täze hyzmatdaşlyklara çagyryş bolup durýar.

Düýn habarlarda beýan edişimiz ýaly, ýaryşyň meýilnamalarynyň çäklerinde, tehniki gözegçilik etmek we taýýarlyk işleri gyzgalaňly geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde halkara awtorallisiniň badalga aljak mekany bolan gadymy Lebap topragy taýýarlyk işleri bilen utgaşyklykda baýramçylyk lybasyna bürenip, aýdym-sazly, şowhunly konsertler bilen sepleşip gitdi. Onuň yzysüre, taýýarlyk işleriniň netijeliligini anyklamak we ýaryşyň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan awtoulaglary dünýä ýaýmak maksady bilen Lebap welaýatynyň Baş Baýdak meýdançasynyň öňünde, mähriban Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşjak dünýä belli awtomobil öndürýän şereketlerine degişli bolan dürli görnüşli sport ulaglarynyň dabaraly  ýörişi üstünlikli geçirildi. Bu bolsa Ýer ýüzünde «Amul – Hazar 2018», şeýle hem «Turkmen Desert Race – 2018» diýlip tanalýan halkara awtorallisini mahabatlandyrmakda aýratyn orun eýeleýär. Şeýle-de, ýaryşy türkmen milliligi bilen utgaşyklykda şekillendirýän ýörite logotipler bilen bezelen sport awtoulaglaryny göreniňde gözüňi dokundyrmak bilen, buýsanjyňy artdyrýar. Iň bellärliklisi bolsa, dabaraly ýörişde sport awtoulaglarynyň başynda dürli ýurtlardan halkara awtorallileriň ýeňiji-çempionlaryny görmek bolýar. Dünýäniň ençeme döwletlerinden dünýä belli türgenleriň bu ýaryşa gatnaşmaklary bolsa, ýaryşyň derejesiniň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaryşa gatnaşjak sport awtoulaglaryndan ybarat bolan dabaraly ýörişiň dowamynda Milli Liderimiz ýaryşa gatnaşyjylara özüniň ak patasyny berdi. Şol ak patadan ruhlanan, hyjuwlanan türgenler nesip bolsa, ertir gadymy Amul galasyndan badalga alyp, ümmülmez Garagum sährasynyň gum depelerinden aşyp, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna – arzyly pellehana tarap ýola düşerler.

«Milli goşun»