Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň
2025-nji ýyldaky 7-nji sany iýul aýynyň ahyrynda okyjylara hödürlendi.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
boýunça üçünji maslahaty we ajaýyp Awaza dabarasy ýaşlar neşiriniň täze sanynda
öz beýanyny tapýar. Ilkinji sahypalarda ýerleşdirilen goşgy we makala bu
aýdanlarymyzyň mysalydyr. Neşiriň bu sanyndaky iňlis dilinde taýýarlanylan
makalalaryň biri hem halkara foruma bagyşlanypdyr.
Täze okuw ýylynyň ýakynlaşýan günlerinde okyjylara
ýetirilen neşiriň bu sanynda degişli temada makala ýerleşdirildi. Şol makalada
täze okuw ýylynyň ruhy we giriş synaglary öz beýanyny tapýar.
Ýaş okyjylar neşiriň bu sanynda ýurdumyzyň gurluşyk
pudagynyň ösüşlerine bagyşlanan iňlis dilindäki makalany, türkmen dutarynyň
gymmaty we ahalteke bedewlerimiziň taryhy orny baradaky täsirli çykyşlary hem
okap bilerler. Neşir bu sanynda ýaş alymlaryň käbiriniň aýry-aýry makalalaryny
hem paýlaşýar. Olarda gozgalýan ylmy meseleleriň derwaýyslygy okyjylaryň ünsüni
özüne çekýär.
Neşiriň täze sanynda ýerleşdirilen goşgular okyjylary
duýgular dünýäsine syýahata alyp gidýär. Okyjylar Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň
baý adamy» atly kitabyndan ýene bir bölegi okap bilerler. Dünýäniň iň owadan
howa menzilleri baradaky makalany okap, bir demde jahana seýran edersiňiz.
Täsirli täleýnama, tomus bilen bagly makalalar toplumy, miweli doňdurmanyň
taýýarlanylyşy barada maglumat neşiriň ilkinji sahypalaryndan ahyrky bölümlerine
çenli täsirini ýitirmezligini üpjün edýär.
Däp bolşy ýaly, ahyrky sahypalarda «Ýaş waspçy» atly bäsleşigiň täze ýeňijisi bilen tanyşdyrylýar. Neşir ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş etmek üçin resminamalaryň kabul edilýändigini hem ýatladýar.