milli goshun logo
Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary
Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary
09.09.2024 152 Habarlar

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar. Netijede, ýurdumyzyň «akylly» şäheri  «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly üç sany baýraga mynasyp boldy.