milli goshun logo
Arkadag şäherine iş sapary
Arkadag şäherine iş sapary
09.09.2024 110 Habarlar

Şenbe güni – 7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz ekologik taýdan bildirilýän häzirki zaman talaplaryna we şähergurluşyk maksatnamasyna laýyk derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynda ylmyň gazananlary bilen öňdebaryjy dünýä tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, onuň binagärlik aýratynlyklarynyň ähli babatda ýokary görkezijilere laýyk gelmelidigini belledi.