milli goshun logo
Arkadag şäheri – geljegiň «akylly» şäheri
Arkadag şäheri – geljegiň «akylly» şäheri
27.10.2023 758 Habarlar

Habar berlişi ýaly, 2023-nji ýylyň 23 – 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherleriň forumy geçirildi. Üç gün dowam eden forumyň esasy maksady durnukly şäher ösüşini gazanmak üçin innowasion çözgütleri, bilelikdäki hereketleri we netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bolup durýar.

Bu forumda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, gatnaşyjylara soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda howpsuz, ýokary hilli ýaşaýyş jaýlara ähli ýaşaýjylaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen uly şäher gurluşyk maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini habar berdi. Şeýle köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny göz öňünde tutup, şäher meýilnamalaşdyrylyşyna berk ygrarlydygyny, täze Arkadag şäheri ýaly «akylly» şäherleriň döremeginiň innowasion çözgütleri we durnukly ösüş strategiýalaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigini aýtdy.

Arkadag şäherini gurmak tejribesi «akylly» şäherleriň ykdysady abadançylygy Durnukly ösüş bilen sazlaşykly birleşdirip biljekdigini görkezýän nusga bolar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri innowasion çözgütleriň we Durnukly ösüş strategiýasynyň utgaşdyrylmagynyň mysaly hökmünde hödürlenýär.