milli goshun logo
Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Arheologlar taryhyň köpasyrlyk gatlaklaryny açýarlar
Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Arheologlar taryhyň köpasyrlyk gatlaklaryny açýarlar
24.03.2018 1660 Habarlar | Beýik Ýüpek Ýoly

Türkmenistanda Nowruzyň iki günläp baýram edilmegi biziň hemmämizde baharyň gelmeginiň hormatyna geçirilen ajaýyp dabaralar däp-dessurlara hem-de milli mirasa belent sarpa hökmünde ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrar. Şu ýyl bu baýramçylygyň gerimi giň, many-mazmuna baý boldy.

Tebigat bilen bilelikde özgerip hem-de geljegi nazara almak bilen biz taryhymyza has ünsli garaýarys. Milletimiziň köpasyrlyk tejribesinden döredijilik gujur-gaýratyny alyp hem-de halkymyzyň kuwwatly güýjüne eýerip, häzirki wagtda bu ylham beriji mümkinçilikleri täze belentliklere ýetmek üçin peýdalanýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Nowruz ýaýlasy meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň edebi binýadyny düzýän konsepsiýa şundan ybaratdyr.

“Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” — ägirt uly binanyň töweregindäki giň meýdanda sahnalaşdyrylan wakalarda, taryhy şahsyýetlerde, halk gahrymanlarynda hem-de rowaýatlaryň gahrymanlarynda milli Liderimiziň “Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda beýan edilýän wakalar janlandyryldy. Ýurdumyzyň çäklerinden geçen taryhy ýoluň ugrunda ýerleşen şäherleriň keşbi iri bezeg gurnamalarynda gaýtadan döredildi.

Beýik Ýüpek ýoly söwdanyň, gurluşygyň, öňdebaryjy pikirleriň, medeniýetiň ösmegini höweslendirdi, şäherler bolsa bu ýola jan berip, onuň hereket etmegini we dürli taraplara, şahalara bölünmegini, häzirki wagtda aýdylyşy ýaly, diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün etdi. Ýüpek ýoly we şäherler biri-birini baýlaşdyrdylar. Kerwenler bu ýerlerden Ýewropa we Aziýa, gör, näçe harytlary äkidendirler, şol döwrüň öňdebaryjy ylmy, filosofiki we inženerlik pikirlerini ýaýradandyrlar?!

Bu taglym döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda hemmetaraplaýyn tassyknama eýe bolýar, kitapda taryhyň uly döwürlerini öz içine alýan wakalar, Beýik Ýüpek ýolunyň ruhy, ykdysady, ynsanperwerlik wezipeleri jemlenendir. Häzirki wagtda bu ösüş we hyzmatdaşlyk ýoly häzirki zaman görnüşinde gaýtadan dikeldilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde we yklymda ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça oňyn halkara başlangyçlaryny, ekologiýa hyzmatdaşlygyny, ählumumy energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak we beýleki meseleler boýunça teklipleri öňe sürmek bilen, ählumumy goşulyşmak işleriniň umumy abadançylygyň kepili bolup durýandygy babatynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy maksadyny aýan edýär.

Nowruz ýaýlasynda dürli ýurtlardan gelen köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen köpöwüşginli, şatlyk-şagalaňa beslenen dabaralar kitapda öňe sürlen pikirleriň ajaýyp çeper beýany boldy. Sungatyň, sazyň, tansyň, edebiýatyň we binagärligiň, milli aşpezligiň hem-de folkloryň iri möçberli köpöwüşginli görnüşlerinden, şeýle hem türkmen halkynyň myhmansöýerliginden täsirlenen dabara gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň diňe bir geçmişde däl, eýsem, häzirki wagtda hem ýüregi bolup durýandygy baradaky bir pikire geldiler.

Ol Ýüpek ýa-da Polat, Haly ýa-da Energetika ýoly bolarmy? Muny wagt görkezer. Emma onuň Beýik boljakdygy häzirden aýdyň hakykatdyr!

7. Arheologlar taryhyň köpasyrlyk gatlaklaryny açýarlar

“Gadymy täsin daşlardan geljege basgançak ýasaň!” diýip, birmahallar Hindistanda ýaşap geçen beýik suratkeş, filosof we edebiýatçy Nikolaý Rerih ýazypdyr. Bu parasatly sözler biziň “Beýik Ýüpek ýoly” diýip atlandyrýan düşünjämiziň manysyny takyklyk bilen beýan edýär. Nemes geology, geografy we syýahatçysy, Berlin geografiýa jemgyýetiniň prezidenti Ferdinand fon Rihtgofeniň häzirki döwürde meşhur bolan bu adalgany ylma girizenden bäri 140 ýyl geçdi. Ýöne dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlarynyň antik dünýäniň we orta asyrlaryň bu täsinligi bilen çynlakaý gyzyklanyp hem-de geçmişde kerwen söwdasynyň alnyp barlan anyk ýollary öwrenip başlanyndan soň, ýene-de birnäçe onýyllyklar geçdi.

Ýer togalagynyň ägirt uly böleginde köp asyrlaryň dowamynda ynsan gatnaşyklary işjeň ösdürilipdir. Ululy-kiçili ýüzlerçe şäherler, müňlerçe obalar, köprüler peýda bolupdyr, dürli dilli hem-de biri-birine meňzeş bolmadyk halklaryň we taýpalaryň berk birleşigi astynda ösüpdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen topragy geografik taýdan amatly ýerleşendigi sebäpli, gadymy we orta asyrlaryň kerwen söwdasynda möhüm orun eýeläpdir. Ýewropalylar üçin XV asyrda Hindistana we Hytaýa has çalt deňiz ýollary peýda bolýança şeýle bolupdyr. Ýöne on bäş asyrdan gowrak dowam eden Beýik Ýüpek ýoly eýýamy diňe biziň ýurdumyzyň çäginde ýüzlerçe ýadygärlikleri galdyrypdyr.

Hut şol döwürde Merw, Köneürgenç, Amul, Zemm (Kerki), Sarahs, Abiwerd, Nusaý, Dehistan ýaly hakyky orta asyr şäherleri peýda bolupdyr. Olaryň arasyndaky ýollaryň bölekleri, şeýle hem olardan Buhara, Balha, Hyrada, Nişapura we beýleki iri şäher merkezlerine barýan ýollar örän ýörgünli hem-de uzak wagtlap hereket eden ýollar bolupdyr.

Olaryň her biriniň utgaşykly ýoly, sansyz-sajaksyz şahalary hem bolupdyr. Olar beýleki ugurlary ýa-da has gysga ýollary emele getiripdir. Käbir ugurlar ýylyň paslyna bagly möwsümleýin bolupdyr, çünki gyşyna dynman ýagýan ýagyşdan soň uç-gyraksyz takyrlar batgalyga öwrülende, olardan ýöräp bolmandyr, käbir ýerlerde bolsa tomsuna howdanlaryň gurap galan halatynda ýollar ýapylypdyr.

Diňe XX asyryň soňky onýyllyklarynda bu ýollary hem-de ýadygärlikleri öwrenmek üçin arheologik barlaglar geçirilip başlapdyr. Orta asyr ýazuw çeşmeleri ençeme gezek öwrenilenden soň arheologlara ýollaryň käbiri boýunça orta asyr ýollaryny biziň günlerimize çenli ýetip gelen harabalyklar bilen deňeşdirmek başardypdyr.

Ýöne çeşmelerde diňe has möhüm ýollar barada maglumatlaryň berlendigini, ikinji derejeli ýollaryň bolsa awtorlaryň ünsünden düşendigini ýatdan çykarmaly däldiris. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby täsin we özboluşly edebi karta bolup durýar. Onda taryhy maglumatlar, gadymy rowaýatlar we ýazuw çeşmeleriniň subutnamalary arkaly kerwen ýollarynyň ugurlary görkezilipdir. Olaryň köpüsini entek öwrenmek zerur bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri özleriniň kärdeşleri — ÝUNESKO-nyň bilermenleri bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän böleklerini Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça uly işleri alyp barýarlar.

Birnäçe ýyl mundan ozal Aşgabatda geçirilen maslahatda olar umumy konsepsiýany, gatnaşyjy döwletleriň her biriniň hereketleriniň strategiýasynyň umumy garaýyşlaryny işläp taýýarladylar. Onuň maksady ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň geljekki desgasy hökmünde onuň ygtybarlylygyny subut etmekden ybaratdyr.

Ilkinji nobatda, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde düşündirilişine degişli binýatlaýyn adalgalar barada ylalaşyldy. Olar her bir kesgitlemäniň nämäni aňladýandygyna anyk düşünmäge ýardam etdi. Olar üç kesgitlemeden — halkalardan, segmentlerden we geçelgelerden ybaratdyr.

Halka bu iri şäher merkezidir birnäçe ýollaryň kesişýän ýeridir. Gadymy Merw munuň aýdyň mysalydyr.

Merw ýaly şeýle şäherler döwlet dolandyryşynda, haryt önümçiliginde we üpjünçilikde ägirt uly ähmiýete eýe bolupdyrlar, şeýle hem olar binagärlik, şekillendiriş sungaty hem-de maddy däl gymmatlyklar görnüşinde medeniýetleriň gazananlarynyň, jemgyýetiň durmuş düzüminiň, ynançlaryň, folkloryň jemlenen merkezleri bolupdyr.

Segment — çägiň belli bir topografiýa we medeni aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, iki çatrygyň arasyndaky uzynlykdyr.

Segment her bir ýoly we anyk ýodany aňlatmaýar, kerwenleriň hereketiniň diňe esasy ugurlaryny belleýär. Her bir segmentiň doly manysyny geçelge — tekiz çäk, has takygy, ylmy taýdan kesgitlenen ýoluň ugry boýunça gymmatly taryhy görnüşleri saklamak üçin hyzmat edýän çäkdir. Başgaça aýdylanda, bufer kartanyň ähli nokatlarynyň jemidir, olar ýoldan bellenilen aralykdan — bufer zolagynyň giňişliginden uzak bolmadyk daşlykda ýerleşýärler.

Geçelge diýen düşünjäniň girizilmegi anyk we ýollaryň çatryklaryň arasyndaky durnuksyzlygyndan geçmek hem-de segmentleriň ugrunda ýerleşýän ýadygärlikleri hem-de goralýan gymmatlyklary öz gerimine almak üçin zerur bolupdyr. Şeýlelikde, bu düşünjä kiçi şäherler, galalar, kerwensaraýlar, köprüler, keramatly ýerler girýär, olar esasy ýoldan gapdalda ýerleşýärler, emma täjirleriň we syýahatçylaryň has köp gelýän möhüm künjekleri bolupdyrlar.

Alymlar belli ýadygärlikler babatynda bufer zolagynyň dürli uzynlyklaryny synagdan geçiripdirler hem-de ýoluň iki tarapynda hem ýerleşýän uzynlygy 30 kilometre deň bolan buferiň, has takygy, giňligi 60 kilometre ýetýän geçelgäniň möhüm desgalaryň köpüsini gerime almak üçin has oňaýlydygy baradaky netijä gelipdirler. Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylar geçelge çemeleşmesi diýlip atlandyrylýan usulyň has amatlydygyny ykrar etdiler. Umumy ugruň möhüm düzümlerini ýüze çykarmak hem-de onuň köpdürlüligini kesgitlemek nukdaýnazaryndan bu örän ygtybarly usuldyr.

Iň täze kompýuter tehnologiýalaryň işjeň peýdalanylmagy netijesinde bu işleriň ählisini geçirmek mümkin boldy, şeýle tehnologiýalar aerokosmiki surat almak arkaly künjekleri öwrenmäge mümkinçilik berýär. Giňişlik belgileriniň zerurlyklara baglylykda aňsat üýtgedip bolýandygy sanly kartografiýa ulgamynyň kitaplarda ýerleşdirilen we diwardan asylýan kartalaryndan artykmaçlygydyr.

Munuň özi her bir segmenti ulaltmaga we jikme-jik öwrenmäge, ýoluň her bir kilometr aralygyny bufer zolaklaryny bellemek üçin, mümkin bolan ähli gyşarmalar we ätiýaçlyk ugurlary boýunça teklipleri girizmäge mümkinçilik berýär. Elbetde, bu çäreler köpýyllyk işdir hem-de sanawa gatnaşyjy ýurtlaryň ählisinde, aýratyn-da, taryhy ýoluň merkezi çägi hökmünde Türkmenistanda bu işler bir wagtda geçirilýär.

Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleriň her bir görnüşi ýerli gurluşyk serişdeleriniň, binagärlik ýörelgeleriniň, olaryň howa şertlerine uýgunlaşmagynyň, janly gurşawy guramagyň aýratynlyklaryny, şeýle hem dürli ulgamlary we medeni ýörelgeleri açyp görkezýär. Her bir geçelgäniň köpugurly gymmatlygy kesgitlenende bu şertleriň ählisi göz öňünde tutulýar, sebäbi diňe bir ähli meşhur ýadygärlikleri bu sanawy girizmek barada gürrüň gitmeýär, olary diňe resmileşdirip, gorap, üýtgewsiz ýagdaýda goýmak mümkinçiligi bolanlaryny saýlamak göz öňünde tutulýar. Şunda olaryň howpsuzlygyny we elýeterligini üpjün etmek hökmany bolup durýar.

Merkezi Aziýanyň ähli ýadygärliklerini pasportlaşdyrmak ugurlaryny kämilleşdirmek bu ählumumy taslamanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biridir. Medeni mirasy tükellemegiň milli ulgamlarynyň köpüsi ýeterlik derejede anyklaşdyrylandyr, emma olaryň diňe käbirleri kompýuterleşdirilendir. Sebitiň ähli ýurtlary boýunça her bir desganyň pasportlarynyň sanly görnüşe geçirilmegi, bar bolan maglumatlar gaznasynyň seljerilmegi hem-de milli sanawlaryň belli bir görnüşini ýöretmegiň kabul edilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi üçin netijeli binýat bolup durýar.

Dünýä tanalmaz derejede özgerdi, emma binagärligiň gadymy ýörelgeleri häzirki sanly tehnologiýalar we kompýuterler eýýamynda hem uly islege eýe bolýar. Häzirki wagtda hem Türkmenistanda ussat gurluşykçylar bar, gadymy binagärlik ýörelgelerini dowam etdirýän ol ussalaryň elleri bilen gadymyýetiň ýadygärlikleriniň köpüsi gaýtadan dikeldildi, olaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyryldy, bu bolsa olara syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň baryp görmegini ýeňilleşdirýär. Olaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi syýahatçylyk mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna hem baglydyr.

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman şertlerinde dikeldýär, biziň ýurdumyz milli Liderimiziň örän dürs aýdyşy ýaly, bu halkara söwda-medeni ýoluň “ýüregi” bolup durýar hem-de taryhy sahnada ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde özüniň mynasyp ornuny eýeleýär, häzirki wagtda ulag-logistika ulgamyny işjeň ösdürýär, bu ulgam halkara syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

TDH-nyň işgärleri tarapyndan “Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri” diýen umumy sözbaşy hem-de “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen sözbaşy astynda taýýarlanylan makalalar toplumyny tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyndan ýene bir mysaly getirmek ýerlikli bolar: “Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy biziň ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär, şeýle-de milli äheňlere uçursyz uly ähmiýet bermezden, beýleki halklaryň medeniýetine düşünmegi öwredýär ýa-da Beýik Ýüpek ýoluna dahylly ähli taryhyň medeniýetleriň özara gatnaşygyna daýanýandygyny aýdyň görkezýär”.