milli goshun logo
«Amul – Hazar 2018» – ýaryşa taýýarlyk işleri üstünlikli alnyp barylýar
«Amul – Hazar 2018» – ýaryşa taýýarlyk işleri üstünlikli alnyp barylýar
09.09.2018 890 Habarlar | Sport

Bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynda ebedilik orun aljak «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň badalga aljak güni sagatsaýyn golaýlaşýar. Şu günler bolsa bu uly sport ýaryşyna gatnaşyjylaryň, tehniki wekilleriniň biziň ýurdumyza gelmekleri bilen, bäsleşige gatnaşjak sport awtoulaglaryny taýýarlamak, gözegçilik etmek, ýaryşlara doly taýýardygyny seljermek ýaly işler üstünlikli alnyp barylýar. Elbetde, ýaryşa goşuljak awtomobilleriň hereketlendirijileriniň sazlaşykly hereket etmegini, guratlygyny gazanmak her bir ýaryşa gatnaşyjynyň öňünde möhüm wezipe bolup durýar. Bu wezipeler hem häzirki wagtda üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Gadymy Amul galasyndan badalga aljak bu awtoralli, meýilnama boýunça 9-10-njy sentýabr taýýarlyk işleriniň geçirilýän günleri bolup, 11-nji sentýabrda hem başlanar. Aýyň 15-ne çenli dowam etjek bu halkara ýaryşda «Amul – Hazar» ugry boýunça, bellenen kadalara laýyklykda, uzynlygy 1500 km-e deň bolan marafon geçiler. Marafonyň esasy bölegi Garagum sährasynyň gözellikleriniň içinden geçýär. Başga-da, ýurdumyzyň gözel künjekleriniň üstünden geçjek awtoralli marafony oňa gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalary oýarar. Taýýarlyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýän pursatlarynda ýaryşa gatnaşjak awtomobilleriň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Olardan dünýä belli awtomobil öndürýän şereketlerine degişli bolan ýeňil awtomobillerini, ýük awtomobillerini we SSV kysymly kwadrosiklleri agzamak bolar. Ýaryşyň jemleýji tapgyry 15-nji sentýabrda Hazar deňziniň kenarynda, has takygy, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda jemlener.

«Amul – Hazar 2018» awtorallisi, ata Watanymyz – Türkmenistany dürli halklaryň we medeniýetleriň özara gatnaşyklaryny berkidýän mekanyna öwürer.

«Milli goşun»