milli goshun logo
«Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisine badalga berildi
«Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisine badalga berildi
11.09.2018 948 Habarlar | Sport

Ine, garaşylan arzyly gün hem ýetip geldi. Gadymy Amul galasyny täzeçe öwüşgin bilen bezäp duran sport awtoulaglary badalga berilmegine taýyn bolup durlar. Taryhda ykrar edilen Amul galasy Jeýhun derýasynyň boýunda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Şol meşhurlyk, şol dabaralanma bu gün täzeden janlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň Amul galasyna – badalga meýdançasyna gelip, özüniň ak patasy bilen, şeýle-de, özüniň sport ulagynda ilkinji bolup ýaryşa başlamagy bilen türkmen halkynyň şanly taryhynda özboluşly yz goýjak  «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi öz işine başlady. Ýyndamlygy bilen bir salymda gözden gaýyp bolan sport awtoulaglary şol bady bilen 297 km menili geçip, Mary welaýatynyň çäklerinde guralan birinji düşelgä çenli bararlar.

«Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň taýýarlyk işleriniň çäklerinde bu abraýly ýaryşyň geçjek ugurlary hem kesgitlenildi. Amuldan Hazara çenli bolan menziliň umumy uzynlygy 1571 km-e barabar bolup durýar. Pellehana çenli jemi dört düşelgeden ybarat bolan marşrudyň ugrunda awtoulaglar üçin tehniki hyzmat ediş nokatlary, şol sanda duralga, «Tiz kömek»  – medisina işgärleriň gije-gündiz nobatçylygy, ýangyn söndüriji toparlar we durmuş hyzmat ediji desgalar göz öňüne tutulan.  Awtorallä gatnaşýan türgenler bu menziliň dowamynda iň uly çölleriň biri hasaplanylýan Garagum çölüniň täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary bilen tanyş bolarlar. Umuman, türkmen sährasynyň gözelligi bu halkara awtorallä gatnaşyjy türgenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.

«Amul – Hazar 2018»... Bu ýol, ýüreklere ýalkym saljak, aklyga, päklige beslenen ýoldur. Bu ýol, taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň şu günümizde dabaralanmasydyr. Bu ýol, halklary ýakynlaşdyryp, jebisleşdirip, dostlugy we doganlygy berkitjek, täze hyzmatdaşlyklara ýol açjak ýoldur. Bu ak ýola düşen türgenleriň bady gowşamasyn. Ýoluňyz ak bolsun, hormatly  «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyjylar!

«Milli goşun»