milli goshun logo
«Amul — Hazar 2018» : «Garagum ýalkymy» myhmanlary garşylaýar
«Amul — Hazar 2018» : «Garagum ýalkymy» myhmanlary garşylaýar
13.09.2018 1008 Habarlar | Sport

12-nji sentýabrda ir bilen “Amul — Hazar 2018” awtorallisine gatnaşyjylar öz ulaglarynda Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş çäginiň serhediniň golaýynda ýerleşýän “Mary” düşelgesinden çykyp, ýaryşyň ikinji tapgyrynyň badalga aljak ýerine tarap ugradylar.

Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoly boýunça bu ulag marafonyny geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Türkmen Lideriniň pikirine görä, ady rowaýata öwrülen bu ýoluň täze görnüşde dikeldilmegi tutuş Ýewraziýa yklymynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine hyzmat edýär. Ýurdumyzy gündogardan günbatara çenli bu taryhy ýol boýunça ägirt uly Garagum sährasynyň içinde kesip geçýän häzirki zaman ýaryş ulaglarynyň kerweni bolsa sebitiň logistikasynda öz ornuny pugtalandyrýan Türkmenistanyň çäginde multimodal ulgamyň kemala gelmeginiň özboluşly nyşanydyr. 

Şol gün agşamara “Amul — Hazar 2018” awtorallisine gatnaşyjylar Ahal welaýatynda ýerleşýän ikinji “Garagum ýalkymy” düşelgesine ýetdiler. Şu gün irden ýaryş ýolunyň uzynlygy 228 kilometrden ybarat nobatdaky bölegini geçmek üçin ulaglaryň 75-sinden 55-si badalga aldylar.

Sürüjileriň belleýişleri ýaly, ýoluň birinji tapgyry ýeňil bolmady. Ikinji ýoluň çylşyrymlylygy hem ondan birneme ýeňilräk boldy — ýaryşa gatnaşyjylar Garagumuň çägeliklerine öwrenişdiler we “Garagum ýalkymy” düşelgesine ynamly ýetdiler.

Bäsleşigiň umumy hasabynda ispan sürüjileri Nani Roma we Aleks Haro öňdeligi saklamagy dowam etdirýärler. Ýöne, Beýik Britaniýadan gelen sürüji Garri Hant we onuň kömekçisi Wouter Rosgaar pellehanada ispanlary ozup geçip, şu günki ýaryşyň ýeňijileri boldular. Pellehana üçünji bolup türkmen sürüjileri Hojaguly Annamämmedow we Gaýgysyz Akmyradow ýetdiler. Ýaryşyň öňdebaryjylarynyň aralary bary-ýogy birnäçe minut bilen tapawutlanýar.

Ýük awtoulaglarynyň arasynda russiýaly Aýrat Mardeýewiň we Dmitriý Sotnikowyň dolandyrýan KAMAZ ulaglarynyň ikisi pellehana ilkinji bolup ýetdiler. Bu ugurda üçünji orny Sergeý Wýazowiçiň dolandyrýan belarus MAZ-y eýeledi.

Iň çalt awtoulaglarynyň onlugyna MAZ awtoulagynyň türkmen-belarus sürüjileri — Aleksandr Wasilewskiý, Dmitriý Wihrenko we Begnazar Nurýagdyýew girdiler. Olar “Amul — Hazar” ýolunyň ikinji tapgyrynyň geçilýän döwründe bäş ölçege çykdylar.

Ýeke-täk sürüji zenan bolan Ýuliýa Migunowa hem öz kömekçisi Igor Petenko bilen tapawutlandy. Olaryň Toýotasy T2 derejesinde ilkinji boldy.

Düşelgä gelen batlaryna ýadaw myhmanlar bereketli saçak, medeni maksatnama hem-de ýurdumyzyň iň bir meşhur gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Düşelgede ralliniň guramaçysy Žan Lui Şlesseri doglan güni bilen gutladylar. Ady rowaýata öwrülen ulag sürüjisi türkmen topragynda öz 70 ýaşynyň toýuny belledi.

“Garagum ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bütin dünýä belli alaw Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Çölüň merkezinde ýerleşen ägirt uly alaw täsinlik hökmünde ykrar edildi. Gum alawlarynyň arasynda emele gelen alaw, jahankeşdeleri bolşy ýaly, türgenleri haýrana goýdy.

“Garagum ýalkymy” alawynyň özüne çekijiliginiň sebäbine düşünjek bolýan jahankeşdeler bu künjek bilen gyzyklanýarlar. Bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary, gök asman we sähranyň özboluşlylygy ynsan ruhuna oňyn täsirini ýetirýär. Agşam düşmegi bilen täsinliginiň ýokarsynda al öwüsýän öwüşgin emele gelýär. Alaw bu töwereklere öz ýylylygyny eçilýär. Agşamara bu täsinligi synlan syýahatçylaryň bu görnüşlere haýran galmagy tötänden däldir. Alawyň özboluşly öwüşgini günbatarda emele gelen altynsow şapagyň şekili bilen utgaşyp gözellik döredýär.

Ýaryş dowam edýär. 13-nji sentýabrda onuň üçünji tapgyry badalga alýar. Awtoralla gatnaşyjylar 236 kilometr aralygy geçerler. Şondan soňra olara “Altyn asyr” Türkmen kölüniň öňündäki düşelgede dynç alyş garaşýar.