Halkara Bitaraplyk gününiň
dabaralandyrylan günlerinde bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesine Arkadag
şäherinden jaýly bolmak bagty miýesser etdi.
Şanly sene mynasybetli jaý toýlary
ähli amatlyklar üpjün edilen, iki gatly jaýlardan ybarat bolan kottej toplumynda
ýaýbaňlandyryldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň
häkimlikleriniň, beýleki edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, şäheriň
köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleri joşgunly
aýdym-sazly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň şatlygyny
has-da belende göterdiler.
Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli
durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi üçin
hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan
hoşallyk sözlerini beýan etdiler.