milli goshun logo
Ählihalk bag ekmek dabarasy
Ählihalk bag ekmek dabarasy
17.03.2024 456 Habarlar

Düýn – 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasynda döredilýän täze seýilgähde bag nahalyny oturdyp, Milli bahar baýramyna gabatlanyp geçirilýän ýazky ählihalk bag ekmek çäresine badalga berdi. Dabara gatnaşýanlaryň hemmesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, ýakyn wagtda paýtagtymyzyň bu künjegine gözellik bagyşlajak täze medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde bag nahallaryny oturtmak işine girişdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy dabara gatnaşýanlar uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz 7 sany bag nahalyny oturtdylar. Mälim bolşy ýaly, ýedilik san türkmenlerde şowlulygyň we rowaçlygyň nyşany hasaplanýar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy ynsan bilen tebigatyň aýrylmaz arabaglanyşygynyň subutnamasy bolup, onuň maksady ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, daşky gurşawyň sagdynlaşdyrylmagyna hem-de türkmen topragynyň gülläp ösmegine gönükdirilendir.