milli goshun logo
Abraýly çempionatyň ýaryşlary badalga alar
Abraýly çempionatyň ýaryşlary badalga alar
01.11.2018 1009 Habarlar | Sport

1-nji noýabr. Bu gün türkmen halkynyň şanly taryhynyň altyn sahypalaryna ebedilik ýazyljak gün bolar. Bu gün Halkara agyr atletika federasiýasynyň 84-nji dünýä çempionaty hut merjen şäherimiz Aşgabatda badalga alar. Çempionatyň ilkinji gününden, paýtagtymyzyň görküne görk goşup oturan Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumy uly şatlyk-şowhuna beslener. Şu gün bu sport toplumynda zenanlaryň arasynda 55 kg agramda «D» we «C» toparçalarda (sagat 10:00 we 12:00) ilkinji ýaryşlara badalga berler. Onuň yzysüre, 14:30-da erkekleriň arasynda 55 kg agram derejesinde «B» toparçanyň we 19:00-da erkekleriň arasynda 61 kg agram derejesinde «C» toparçanyň ýaryşlary geçiriler. Biz hem tutuş halkymyz bolup türkmen agyr atletikaçylarymyza janköýerlik edip, öz goldawlarymyzy gaýgyrmarys.

Ýatladyp geçsek, Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy şu günüň meýilnamasyndaky ýaryşlar tamamlanandan soň, 20:00-da başlanar. Nesip bolsa, taryha şan getirjek dabaralaryň gyzgalaňly, şowhunly geçmegine bütin türkmen halky bolup öz goşandymyzy goşarys!